gyýmak

gyýmak
işlik
1) Kesip ýaralamak, dilmek ýa-da ýyrtmak.
∙ Pyçak onuň eliniň aýasyny biraz gyýdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Gamşy gowşak tutan, eliňi gyýar. (Nakyl)
2) Bütewi matanyň ujundan zolaklaýyn gyýa kesmek.
∙ Matanyň ujundan sähelçe gyýyp aýrypdyrlar.
nika gyýmakseret nika
∙ Eşider bolsaň, agam jan, nika gyýyp, bizi palasyň aňyrsyna saldylar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
ýüregini gyýmakseret ýürek 1
∙ Pökgi Walanyň sözi Halnazaryň ýüregini gyýsa-da, ol bu sapar çydamlylyk etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Ýigrimi iki ýaşly gerçek oglunyň keşbi gözüniň öňünde uçganaklaýar, onuň ýüregini gyýýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
ýüregiň gyýmakseret ýürek 1
∙ Onuň şu bolup durşuna seniň ýüregiň gyýýarmy?

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»